Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda transfer penjiresi 13-nji aprele çenli açyk bolar

10:0206.04.2023
0
36743

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda ýurtda transfer möwsüminiň 13-nji aprele çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Çeşmäniň görkezişi ýaly, onuň dowamynda futbol çempionatymyza gatnaşýan ýurdumyzyň toparlary düzümlerine oýunçylary geçirmäge mümkinçilik alarlar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýyl Türkmenistanda milli çempionat we Kubok ýaryşy 9 toparyň arasynda geçiriler. Has takygy, bu ýaryşlaryň ýeňijisi bolmak üçin aşakdaky toparlar göreşer:

  1. «Arkadag» ― Arkadag şäheri;
  2. «Ahal» ― Änew şäheri;
  3. «Altyn asyr» ― Aşgabat şäheri;
  4. «Merw» ― Mary şäheri;
  5. «Köpetdag» ― Aşgabat şäheri;
  6. «Şagadam» ― Türkmenbaşy şäheri;
  7. «Aşgabat» ― Aşgabat şäheri;
  8. «Nebitçi» ― Balkanabat şäheri;
  9. «Energetik» ― Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesi.

Resmi däl maglumata görä, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň 14-nji aprelde başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň