Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina we ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.