Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da aýy gujaklaýjynyň wezipesine işgärler saýlanyp başlandy

18:0022.03.2023
0
32287

ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynda «aýylary gujaklaýjy hünärmen» wezipesine işgärleri seçip almak başlandy diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Ştatyň Awçylyk we balykçylyk edarasynyň habaryna görä, bu wezipä işe girmek isleýänlerden diňe aýy gujaklamak talap edilmeýär, dalaşgär şeýle-de biologiýa, tebigy gorlary gorap saklamak ýa-da garyşyk ugurlarda boýunça bakalawr derejesiniň eýesi bolmalydyr.

Iş berijiler gujaklaýjylaryň aýy sürenlerine girip, dartgynly şertlerde işlemeli boljakdyklaryny duýdurýarlar. Olar awçylyk we balyk tutmak boýunça kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik etmelidirler, ýabany haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerini barlamalydyrlar, aň-bilim işini alyp barmalydyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň