Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emiri bilen Halkara ýaşlar sport oýunlaryny geçirmek baradaky teklibini paýlaşdy

15:1220.03.2023
0
12681

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Halkara ýaşlar sport oýunlaryny geçirmek baradaky teklibini ýene bir ýola orta atdy.

Türkmen metbugatynyň ýazyşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjyň Katar Döwleti tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda sport ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwlet syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýar. Şeýle-de biziň döwletlerimiziň iri halkara sport forumlaryny we ýaryşlary geçirip, halkara sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýandyklary bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň bu ulgamdaky uly üstünlikleri, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlaryny guramak we geçirmek bilen bagly üstünlikleri barada aýdyldy. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini we onuň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny belledi.

Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Kataryň sport ulgamynda ýöriteleşdirilen akademiýasynyň bardygyny, Türkmenistanda bolsa sport üçin ähli amatlyklary bolan Olimpiýa şäherçesiniň hereket edýändigini belledi we birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň