Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew Mezon-Laffit şäheriniň häkimi, Fransiýanyň parlamentiniň hormatly agzasy Žak Miard bilen duşuşdy. Duşuşykda Arkadag şäheri bilen Mezon-Laffit şäheriniň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyga «Fransiýa-Türkmenistan» dostluk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Kristian Burdeý hem gatnaşdy. Söhbetdeşlikde M.Çaryýew häkimi Türkmenistanda ýurduň iň uly şäherleriniň birine öwrüljek Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdyrdy.
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde köp sanly infrastruktura desgalary bilen bir hatarda Ahal atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen meşhur Akhanyň heýkeliniň, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň guruljakdygy bellenildi. Şulary hem-de we şäheriň türkmen halkynyň Milli Lideri, Ahalteke atlarynyň tohum arassalygynyň saklanmagyna we halkara derejede ykrar edilmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagyň adyny göterýändigini göz öňünde tutup, diplomat iki şäheriň arasynda dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy.
Şäher häkimi Žak Miard dogan şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak pikirini goldady we munuň şäherleriň ilatynyň arasynda ýakyn we uzak möhletli gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşup biljekdigini aýtdy.
Mezon-Laffit şäheri Parižden 19 kilometr uzaklykda ýerleşýär we Fransiýada «atlaryň şäheri» hökmünde tanalýar, sebäbi bu ýerde atçylyk ösendir.