Gonkongda COVID-19 pandemiýasy bilen bagly girizilen agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni üç ýyldan soňra, 1-nji martdan başlap doly ýatyrylar. Bu barada administratiw etrabyň başlygy Jon Liniň sözlerine salgylanýan «Sinhua» habarlar gullugy habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
Indi köçelerde, binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda örtüksiz gezse bolar, emma ýokary töwekgelçilikli ýerlerde — hassahanalarda we garrylar öýlerinde bu çäklendirme saklanar diýip, Li aýtdy. Ol şeýle-de çäklendirmäniň epidemiologik ýagdaýyň gözegçilik astynda alnandygy sebäpli ýatyrylandygyny belledi. Sebäbi Gonkongda uzak wagtlap koronawirus ýokanjy bilen kesellemegiň artyşy hasaba alynmady.
Gonkongda örtük dakynmak düzgüni 2020-nji ýylyň iýulynda ilki jemgyýetçilik ulaglarynda girizildi, soňra bu düzgün binalardyr jemgyýetçiligiň köp barýan ýerlerinde-de ýola goýuldy, düzgün bozanlara 1 müň dollar jerime salyndy.