Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly 7 lukman Türkiýede ýertitremelerinde ejir çekenlere kömek berýär

17:5923.02.2023
0
47089
Türkmenistanly 7 lukman Türkiýede ýertitremelerinde ejir çekenlere kömek berýär
Surat: aa.com.tr

Türkmenistanly lukmanlar Türkiýedäki ýertitremelerde ejir çekenlere kömek bermeklerini dowam etdirýärler. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen bolan duşuşygynda mälim etdi diýip, «Anadolu Ajansi» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletleriň Türkiýedäki ýertitremelerinde ejir çekenleri halas etmekde we beýleki ynsanperwer kömekleri bermekde beren goldawlary aýratyn nygtalyp geçildi. Hususan-da, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaý türkmenistanly lukmanlaryň 7-siniň we lukmançylyk ulgamynyň beýleki işgärleriniň 3-siniň bu tebigy apat zerarly şikes alanlara lukmançylyk kömegini bermegi dowam etdirýändiklerini belledi. Mundan başga-da, türkmen tarapynyň lukmançylyk serişdelerinden we ýyly eşiklerden ybarat ynsanperwerlik kömekleriň Türkiýä ugradandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Fuat Oktaýyň bellemegine görä, Türkiýedäki ýer titremelerinde ejir çekenleri halas etmek üçin TDG-niň agza we synçy döwletlerinden halas edijileriň we lukmanlaryň 1703-si kömege geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň