Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda demirýol ulaglarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ähtnama gol çekildi

13:1123.02.2023
0
49562

Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demirýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Bahrain News» habar berýär.

«Türkmendemirýollary» agentligi we Bahreýn Patyşalygynyň Transport we Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasynda demir ýol ulaglary pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýne ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi we kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň