Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ahal» ösümlik ýag kärhanasy bir gije-gündizde 300 tonna, bir ýylda bolsa 94 müň 500 tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Kärhanada dezodirirlenen ösümlik ýagyny almakda häzirki zaman kämil tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, şu ýylyň geçen on aýynda öndürilen «Ahal» haryt nyşanly ösümlik ýagynyň söwda nokatlaryna bökdençsiz ugradylmagy gazanyldy. Şol döwürde kärhanada 41 million 200 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 106,19 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär.
Kärhanada gaýtadan işlenen gowaça çigidiň arassalanan we arassalanmadyk ýagyndan başga-da, harpyk, delint we sarun alynýar. Agzalan önümleri talabalaýyk saklamakda kärhananyň çäginde ýerleşýän çigit, sarun, harpyk, delint, dezodirirlenen ýag ammarlaryna uly orun degişli. Olar sowadyjylar we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen.
Kärhana taýýar önümleri söwda nokatlaryna ugratmak üçin ýöriteleşdirilen awtoulaglar bilen üpjün edilendir diýlip, habarda bellenilýär.