Soňky habarlar

Arhiw

Manamada ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi

17:0022.02.2023
0
31539

Şu gün Manama şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifanyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli türkmen-bahreýn gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

«Al Gudaýbiýýa» köşgüniň uly mejlisler otagynda geçirilen gol çekmek dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Maglumat kabul edildi.
Umuman, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bahreýne ilkinji resmi saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 11-sine gol çekildi we kabul edildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Mohammed bin Mubarak Al Halifa adyndaky Diplomatik bilimler akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda umumy, tehniki we ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Miras bilen baglanyşykly senetçilik we däp-dessurlar babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Bahreýn Patyşalygynyň medeniýet we gadymyýet müdirliginiň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllar aralygynda medeniýet babatda hyzmatdaşlygy ýerine ýetirmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Bahreýniň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Ählumumy deňiz-howa logistikanyň hyzmatdaşy baradaky Şahadatnamasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň