Soňky habarlar

Arhiw

Azmun «Maýns» bilen oýunda golly pas berdi

13:3720.02.2023
0
30157

«Baýeriň» eýranly türkmen asylly hüjümçisi Serdar Azmun bundesliganyň 21-nji tapgyryndan orun alan «Maýns» bilen oýunda öz adyna golly pas ýazdyrdy.

Duşuşygyň 31-nji minutynda «Maýns» 1:0 hasabynda öňde barýarka, Serdar Azmun ýarymgoragçy Nadim Amirä pas geçirdi we ol pursatdan dürs peýdalanyp, hasaby deňledi. Mundan başga-da, Serdar Azmun oýnuň 22-nji minutynda penalti hem gazandy. Emma «Baýeriň» hüjümçisi Tapsoba bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Oýun 3:2 hasabynda «Maýnsyň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Häzirki wagtda «Baýer» bundesliganyň turnir tablisasynda 27 utuk bilen onunjy ýerde barýar. Düýn liwerkuzenlileri ýeňlişe sezewar eden «Maýns» bolsa 29 utuk bilen dokuzynjy ýere geçdi.

Serdar Azmun şu möwsümde «Baýeriň» düzüminde bundesliganyň 11 oýnuna gatnaşyp, heniz gol geçirmegi başarmady.

Ýeri gelende bellesek, eýranly türkmen asylly oýunçy Serdar Azmun 2013-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Russiýanyň Premýer-ligasynda «Rubin», «Rostow» we «Zenit» ýaly toparlaryň düzüminde çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň