Soňky habarlar

Arhiw

FIFA klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň täze formatyny tassyklady

15:5218.02.2023
0
42802

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) klublaryň arasynda däbe öwrülen dünýä çempionatynyň täze geçiriliş usulyny tassyklady. Indi bu ýaryşyň 32 toparyň arasynda geçirilmegi iň esasy täzelik bolar.

Täze görnüşdäki dünýä çempionaty her dört ýyldan bir gezek geçiriler. Onuň ilkinjisini 2025-nji ýylyň iýun ― iýul arasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty her gezek milli ýygyndylaryň arasyndaky mundialdan bir ýyl öň geçiriler.

Ýaryşa Ýewropadan (UEFA) 12, Günorta Amerikadan (CONMEBOL) 6, Aziýadan (AFC) 4, Demirgazyk, Merkezi Amerika we Kariblerden (CONCACAF) 4, Afrikadan (CAF) 4, Okeaniýadan (OFC) 1 klub, şol sanda guraýjy ýurtdan hem 1 klub, jemi 32 klub gatnaşar.

Ýaryşyň häzirki formatdaky görnüşi, ýagny 7 klubuň gatnaşýan bäsleşigi soňky gezek şu ýylyň ahyrynda, 12 — 22-nji dekabrda Saud Arabystanynda geçiriler. Golaýda Marokkoda geçirilen ýaryşda-da «Real Madrid» topary çempionlyk gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň