FIFA ýylyň iň gowy tälimçiligine dalaşgärleri görkezdi

13:4513.02.2023
0
21760

FIFA 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça «Ýylyň iň gowy tälimçisi» diýen ada esasy dalaşgärleriň üçüsini görkezdi.

Olar ispaniýaly Hosep Gwardiola, argentinaly Lionel Skaloni we Karlo Ançelottidir.

Hosep Gwardiola geçen ýyl «Mançester Siti» bilen Angliýanyň çempiony boldy. Skaloni bolsa Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Şeýle hem 2022-nji ýylda «Realyň» Ispaniýanyň çempiony, ýurduň Naýbaşy kubogynyň eýesi, Çempionlar ligasynyň we UEFA-nyň Naýbaşy kubogynyň eýesi bolandygyny ýatladýarys.

Ýylyň iň gowy tälimçisi 27-nji fewralda Parižde geçiriljek dabarada yglan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň