Soňky habarlar

Arhiw

Söýgüliler güni mynasybetli «ms|studio» fotostudiýasynyň hünärmenleri romantiki fotosessiýa çagyrýarlar

10:2213.02.2023
0
28216

Aşgabadyň «ms|studio» fotostudiýasynda öz gatnaşyklaryny ebedileşdirmek we ýatlamalaryny saklap galmak isleýänler üçin öňümizdäki Söýgüliler güni mynasybetli mowzuklaýyn (tematiki) fotozolak taýýarlanyldy.

Owadan romantiki bezegler bilen bezelen zolakda çeper fotosuratyň ussat hünärmenleriniň geçirmeginde fotosessiýa mümkinçiliginden diňe bir 14-nji fewralda däl, eýsem, aýyň aýagyna çenli, şeýle-de tutuş mart aýynyň dowamynda peýdalanmak mümkin bolar.

Fotosuratň ussady Sergeý Mirzoýewiň ýolbaşçylygyndaky studiýanyň tejribeli fotosuratçylary müşderileriň çeper ideýalaryny durmuşa geçirmäge kömek ederler ýa-da şahsy hünär tejribesine esaslanyp, dürli maslahatlary bererler.

«ms|studio» fotostudiýasy romantiki fotosessiýa geçirmäge isleg bildirýänlere şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köç., 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.

Telefonlar: (+993 65) 80 68 85, (+993 12) 72 69 72, (+993 12) 21 82 84.

Elektron poçta salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň