Arhiw

«Ms|studio» önümiň imij suratyny düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär

12:0210.02.2023
0
49478
«Ms|studio» önümiň imij suratyny düşürmek hyzmatlaryny hödürleýär
Surat: ms studio

Önümi surata düşürmek tehniki tarapdan aýratyn çemeleşmegi talap edýär. Surata düşürilýän zatlaryň kompozisiýa taýdan nädogry ýerleşişi, nädogry yşyk we beýleki kemçilikler iň gyzykly şekile hem zeper ýetirip biler.

«Ms|studio» fotostudiýasyna wekilçilik edýän ussat fotosuratçylar önümiň fotosuratlary döredilende ýüze çykýan ýakymsyz ýalňyşlyklardan gaça durmaga kömek ederler. Fotostudiýasynyň hyzmatlary dürli görnüşli mahabat fotosuratlaryny, şol sanda akym we imij fotosuratlaryny düşürmegi guramagy öz içine alýar.

Akym fotosuratlary saýtlar, internet-dükanlar we bukletler üçin önüm surata düşürilende ulanylýar. Bu, esasan, birek-birege gabat gelýän we birmeňzeş derejeli zatlaryň köpüsini surata düşürmek üçin birtaraply arka düşekde (fonda) ýagtylygyň ýönekeý düşüşi bilen, aýratyn zatlary surata düşürmekdir.

Imij fotosuratlary has çylşyrymlydyr we has köp zähmeti talap edýär. Iş pursady, ilkibaşda, konsepsiýasy, kompozisiýasy we kadryň aýratynlyklary boýunça işlenilýär. Şeýle hem önümiň imiji surata düşürilende kadra goşmaça rekwizitler, düşekler (fonlar) we şekiller girizilip bilner. Ýagtylygyň düşüşi kompozisiýanyň ähli elementlerini has gowy şöhlelendirmek üçin aýratynlykda amala aşyrylýar.

Şeýle fotosuratlar diňe bir saýtlarda, internetdükanlarda we žurnallarda ulanylman, eýsem, mahabat taslamalarynda, harytlaryň gaplaýyş dizaýnynda, çap önümlerinde we ş.m. giňden peýdalanylýar.

«Ms|studio-nyň» öz fotostudiýasynda, şeýle hem fotosuratçynyň sargyt edijiniň bellän ýerine barmagy esasynda önümi surata düşürmek işlerini geçirýändigini bellemek gerek. Fotosessiýasynyň esasy şertleri öňünden ylalaşylýar. Şeýle hem «ms|studio-nyň» fotosuratçylarynyň otag we iýmit suratlaryny düşürmekde uly tejribesi bardyr.

Fotostudiýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köç., 108-nji jaý, «Joşgun» SM.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Çeşme: prophotos.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň