Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «ms studio» topary täsirli wideokontent döretmäge ýardam eder

11:2309.12.2022
0
31643

Saýtyň ýa-da sosial ulgamdaky sahypanyň has görnükli bolmagy üçin, ony ulanyja täsirli düşürilen wideokontent ulanmak zerur bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, bu günki günde adamlara uzyn mazmunly tekst okamakdan, wideo rolik görmek has ýeňildir we oňaýlydyr. Onsoňam, käbir zatlary söz bilen düşündireniňden görkezeniň has täsirli bolýar. Aýratynam, häsiýetli tapawutlary we nähili ulanylýandygy barada tanyşdyrmaly bolan täze önüm dogrusynda gürrüň etsek, bu örän ýerlikli usuldyr.

Bu babatda internet saýtlary hem-de sosial media ulgamyndaky platforma sahypalary üçin wideorolikleri taýýarlap bermek hyzmatyny «ms studio» fotostudiýasy hödürleýär. Fotograf Sergeý Mirzoýewiň ýolbaşçylygyndaky tejribeli döredijilik topary täsirli hem-de üns çekiji wideokontenti ýazgy etmäge ýardam ederler.

«ms studio» topary bu işde wideoroligiň haýsy maksatlar üçin zerurdygyny mälim etmek bilen, oňa juda kybap geljek ideýany hödürleýärler. Munuň esasynda hem kärhananyň saýty we sosial ulgamdaky sahypasy potensial müşderiler bilen üznüksiz işläp biler.

Wideorolikleri örän dury görnüşde ýazgy etmek we montaž işlerini ýerine ýetirmek kepillendirilýär.

Fotostudiýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby;
  • Elektron poçtasynyň salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com

Peýdalanylan çeşme: blog.tutortop.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň