Aşgabatdaky «ms studio» ýokary derejeli fotosurat studiýasy ýetip gelýän Täze ýyly baýramçylyk ruhunda döredijilikli garşy alyp, bäş dürli ýerde fotosessiýa surata düşmegi teklip edýär.
Çeper fotosuratlary almagyň ussat fotografy Sergeý Mirzoýewiň ýolbaşçylygyndaky tejribeli fotograflar topary baýramçylygyň öňüsyrasynda Täze ýyl fotosuratlaryna düşmegi ýokary hilli guraýarlar. Müşderileriň islegine görä, studiýada hem-de baryp fotosessiýa düşürme hyzmaty ýerine ýetirilýär.
Studiýada bu babatda bäş dürli ýer surata düşürmek üçin niýetlenip, olaryň bezegi täze ýyl öwüşginindäki gurşawlardyr.
Bu ýerde bezeglikler hökmünde uly arça, gar adamy, gyş sankalary, emeli gar, konkiler, kesilen agaçlar, bezeg çyralary, arça oýunjaklary, zerler, şeýle hem başgaplar, ädijekler, ellikler, girdenejikleriň egin-eşijekleri ulanylýar. Bu ýerdäki Aýaz baba hem-de çyn towşanjyklar çagalara şatlyk paýlap, täze ýyl ruhuny artdyrar.
Baryp surata düşürmek hyzmatlarynda-da laýyk ýer saýlanyp alynýar, yşyklandyrma goýulýar we bu suratlary döretmäge ýardam berjek ýörite tehnikalardan peýdalanylýar.
«Ms studio» fotostudiýasynyň çeper fotosuratlary düşürmekdäki sekiz ýyllyk tejribesi wakanyň atmosferasyny we oňa gatnaşyjylaryň duýgularyny ýetirýän özboluşly hem-de döredijilikli fotosuratlary döretmäge ýardam berýär.
Fotostudiýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi. Telefon belgileri: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84. Elektron poçta salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com.
Şeýle-de okaň: