Soňky habarlar

Arhiw

«Ms studio» fotostudiýasy toý dabaralaryny surata düşürmek hyzmatlar toplumyny hödürleýär

10:3511.10.2022
0
15759

Durmuş toýy — her bir ynsanyň ömründe ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýan dabara. Onuň şatlykly duýgularyny yzyna dolamak islemeýän adamlar ýok bolsa gerek.

Toý dabarasynyň, has anygy bagt toýunyň ajaýyp günleriniň aýdyň ýatlamalary diňe fotosuratlarda has täsirli we uzak ýyllap saklanyp, toý tolgunmalarynyň täsin öwüşginini duýmaga mümkinçilik berýär.

Fotosuratlaryň hili bolsa fotosuratçynyň hünär tejribesine, ussatlygyna baglydyr. Şeýle tejribä eýe bolan fotosuratçyny bolsa nireden tapyp bolar?

Tejribeli fotograf Sergeý Mirzoýewiň ýolbaşçylygyndaky «ms studio» fotostudiýasynyň hünärmenler topary toý dabaralaryny surata düşürmekde hyzmatlar toplumyndan peýdalanmagy teklip edýärler. Bu hyzmat toplumyna ýaşlaryň öz isleglerine laýyklykda fotosessiýalary guramak, surata düşmegi we onuň ýerini kesgitlemek ýaly işler girýär. Mundan başga-da, bu hyzmatlaryň çäginde fotosuratçylar toý, romantik, maşgala, çaga we beýleki dabaralary-da surata düşürip berýärler.

Durmuş toýuny surata almak üçin has ýerlikli seçilip alnan hünärmenler topary bu babatda ähli meseleleriň örän jaýdar çözülmegine, bu ugurdaky jogapkärli wezipeleriň has döredijilikli alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.
Fotosuratlar studiýada dürli hili reňk we ýagtylyk aýratyn;yklary boýunça işlenip taýýarlanylanyndan soň, ýörite niýetlenen fototejribehanada çap edilýär.

Taýýarlanan faýllar aýratynlykda DVD disklere hem ýazylyp berlip bilner.

Fotostudiýanyň toý dabaralaryny surata düşürmek hyzmatlar toplumyna girýän ýene-de bir özboluşly sowgady portret ýa-da studiýada surata düşürmek bolup biler.

Wideoýazgy etmek işine bolsa bir ýa-da birnäçe wideooperatorlaryň surata düşürmegi girip, onda müşderiniň sargydyna degişli bolmadyk dürli hili tehniki serişdeler ulanylýar.

Sargytlaryň möhleti hemişe aýratynlykda kesgitlenilip goýulýar.

«Ms studio» fotostudiýasy şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby;
  • Elektron poçta salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň