Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanda internetde ene dilde ýazyşmak meşhurlyk gazanýar

15:1508.02.2023
0
45170
Ermenistanda internetde ene dilde ýazyşmak meşhurlyk gazanýar
Surat: riamo.ru

Ermenistanly işjeňler wirtual giňişlikde ene dilde ýazyşmagy we gürleşmegi wagyz edýärler. 2012-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji fewralynda ýurtda Internetde ermeni diliniň güni bellenýär diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ermeni elektron ýazuwyny döretmek pikiri ýerli işjeňler toparyna degişlidir, taslamanyň eýeleriniň sözlerine görä, maksat adamlara öz milli ýazuwyňdan peýdalanmagy öwretmekdir. Bu diliň arassalygyny saklamaga kömek eder. Şeýle-de ermeni dilinde hat ýazylanda latyn elipbiýinden ýygy-ýygydan peýdalanylmagynyň soňuna çykmaga mümkinçilik berer. Şeýle mesele bilen köp ýurtlar ýüzbe-ýüz bolýarlar.

«Bu gün biz iki ýylda köp üstünlik gazandyk diýip bileris. Ýurdumyzda ene dilde sözleşmekdir ýazyşmak barha meşhurlyk gazanýar. Emma mesele heniz az däl. Biziň hökümetimiz bu meselä degişli dil barada kanun işläp düzse we kabul etse oňat bolardy» diýip, taslamanyň awtory Zograb Ýeganýan aýdýar.

Ermeni elipbiýi dünýäde iň gadymylaryň biri hasaplanýar, ermeni ýazuwy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň