Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restorany köne Täze ýyly akylly kolonka baýrakly bäsleşik bilen bellemäge çagyrýar

12:1907.01.2025
0
15683

«Dejavu» restorany Köne Täze ýyl mynasybetli myhmanlar üçiny ýörite agşam taýýarlaýar. 11-nji ýanwarda bu ýerde baýramçylyk çäresi guralar, esasy sowgat «Alisa» akylly kolonka baýrakly bäsleşik bolar.

Agşamyň myhmanlary diňe bir gymmatly baýrak ugrundaky bäsleşige gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, restoranyň baş aşpeziniň ajaýyp tagamlaryndan lezzet alyp bilerler. «Dejavu» restoranynyň aşhanasy fransuz aşhanasynyň iň gowy däplerini özünde jemläp, köpdürlüligi bilen meşhurdyr. Her bir nahar täze, ýokary hilli önümlerden taýýarlanylýar, diňe bir tagama däl, eýsem, täsirli hödürlenişe hem aýratyn üns berilýär.

Restoranyň rahat gurşawy, ýokary hilli hyzmat we ünsli işgärler köne Täze ýyl baýramçylygyny her bir myhman üçin ýatdan çykmajak waka öwürer.

Restoranyň dolandyryş bölümi ýylyň başyndaky iň şatlykly wakalaryň biri bolmagy wada berýän baýramçylyk agşamyna gatnaşmak üçin stollary öňünden bronlamagy maslahat berýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefonlar: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň