Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ýokary kazyýetde, MHM-de we Döwlet migrasiýa gullugynda işgärleri wezipä belledi, Aşgabat we Moskwa göni howa gatnawyny dikeltdiler, Türkmenistan benziniň arzanlygy boýunça dünýäde sekizinji orny eýeledi we beýleki habarlar

11:4104.02.2023
0
49658

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow polkownik Gurbanmyrat Annaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň täze milli howpsuzlyk ministri wezipesine ozal Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesini eýelän polkownik Nazar Atagaraýew bellenildi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary kazyýetiň dolandyryş ulgamynda işgärleri wezipä belledi. Guwançmyrat Ussanepesow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.Ýokary kazyýetiň täze başlygy wezipesine ozal Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesini eýelän Begenç Hojamgulyýew bellenildi.

3. Polkownik Batyr Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň dowamynda degişli Permana gol çekdi.

4. Anna güni uzak wagt arakesmeden soň Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda ilkinji göni howa gatnawy amala aşyryldy. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing 737-800» uçary Moskwa wagty bilen sagat 10:55-de Domodedowodan uçdy we 3 sagat 20 minutdan soňra Aşgabada gelip gondy. Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda göni howa gatnawy 2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy sebäpli kesilipdi.

5. Türkmenistanda benziniň bahasy – dünýäde iň arzanlaryň biridir. Degişli maglumatlar «GlobalPetrolPrices» portaly tarapyndan düzülen awtoulag ýangyjynyň nyrhynyň dünýä sanawynda getirilýär. 30-njy ýanwarda köpçülige ýetirilen soňky maglumatlara görä, Türkmenistan bir litr benzin üçin $0,42 nyrh bilen sanawyň 8-nji ornunda barýar. Iň arzan ýangyç Wenesuelada – bir litr üçin $0,01. Öňdebaryjy üçlüge Liwiýa we Eýran hem girdi – degişlilikde $0,03 we $0,05.

6. Türkmenistanda gysga möhletleýin dil merkezlerinde bilim alýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça döwlet olimpiadalary guralar. Olimpiadanyň birinji tapgyry 12-nji fewralda geçiriler. Birinji tapgyrda üstünlikli çykyş eden okuw merkezlerinde bilim alýanlar ikinji tapgyrda bäsleşmeklerini dowam ederler. Döwlet bäsleşiginiň ikinji tapgyryny 26-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry 19-njy martda geçiriler.

7. Özbegistan Türkmenistandan dost-doganlyk kömegi hökmünde suwuklandyrylan gazyň tapgyryny alar. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

8. 3-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Paýtagtyň «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgähinde geçirilen dabaraly çärä türkmen Hökümetiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdy.

Dünýäde

9. Gyrgyzystanda 2023-nji ýylyň ýazynda Naryn derýasynda täze gidroelektrostansiýanyň gurluşygy başlanýar. Täze GES guruljak ýeriniň golaýynda ýerleşýän Kulanak obasynyň ady bilen «Kulanak GES-i» diýlip atlandyrylar. Býudjeti 118 million dollar bolan iri energetika taslamasy Ýewraziýa Ösüş banky we Russiýa-gyrgyz gaznasy tarapyndan maliýeleşdiriler.

10. Saud Arabystanynyň DIM-i «Saudia» we «Flynas» awiakompaniýalary bilen bilelikde «Siziň petegiňiz – bu wiza» maksatnamasyny yglan etdi. Onuň çäklerinde bu awiakompaniýalaryň uçarlarynda orunlary bronlan daşary ýurtlulara patyşalygyň çägine 4 günlük, ýagny 96 sagatlyk girmäge rugsat berler. Ýolagçylar bu wagtyň dowamynda ýurduň gözel künjeklerine syýahat edip ýa-da haj parzyny ýerine ýetirip bilerler.

Sport habarlary

11. «Mançester Ýunaýtediň» goragçysy Rafael Waran Fransiýanyň milli ýygyndysynda karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. Ol bu kararyň üstünde birnäçe aý pikirlenendigini belledi. Waran Fransiýanyň milli ýygyndysynda 2013-nji ýylda ilkinji gezek meýdança çykdy we şol düzümde dünýäniň çempiony, Milletler ligasynyň ýeňijisi, Ýewro-2016 we DÇ-2022-niň kümüş medalynyň eýesi boldy.

12. Täjigistanly ýarymgoragçy salam Aşurmamadow Portugaliýanyň güýji boýunça dördünji diwizionynda çykyş edýän «Dumiýense» topary bilen şertnama baglaşdy. Täjigistanyň çempionatynda Aşurmamadow «Istiklol» we «Istarawşan» toparlarynda çykyş edipdi. 19 ýaşly futbolçynyň soňky topary Russiýanyň Medialigasynda çykyş edýän «Brouk Boýz» bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň