Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri täzelendi

21:3003.02.2023
0
58032

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, polkownik Nazar Muhammetmyradowiç Atagaraýew Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň