Soňky habarlar

Arhiw

Polkownik Wolsahatow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi

21:4103.02.2023
0
54365

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekip, polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň