Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine täze ýolbaşçylary belledi

21:3603.02.2023
0
67665

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle-de ýurtda asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi we Begenç Gurbangeldiýewiç Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara gol çekip, Örebaý Abajanowiç Muhammedowy hem-de Musamyrat Söýünberdiýewiç Söýünowy, başga işe geçmekleri sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permany bilen, Toýnazar Annanazarowiç Hudaýnazarow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadylyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Şeýle-de degişli Perman esasynda, Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň