Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň Kubogynda ýarym final jübütleri belli boldy

17:0103.02.2023
0
23908
Italiýanyň Kubogynda ýarym final jübütleri belli boldy
Surat: sports.ru

Futbol boýunça Italiýanyň Kubogynda çärýek final oýunlary tamamlandy. Düýn çärýek finalyň soňky duşuşygynda «Ýuwentus» öz meýdanynda «Lasiony» kabul edip, ýeňiş gazandy. Ýer eýeleri Bremeriň 44-nji minutda uran ýeke-täk goly bilen ýarym final ýollanmasyna eýe çykdylar.

«Ýuwentus» ýarym finalda «Inter» bilen güýç synanyşar. Ikinji ýarym final jübütinde bolsa «Kremoneze» bilen «Fiorentine» final ýollanmasy üçin göreşerler.

Ýarym finalyň deslapky oýunlary 4-5-nji aprel günleri, jogap oýunlary bolsa 25-26-njy aprel günleri oýnalar.

Ýeri gelende bellesek, Italiýanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Inter» hasaplanylýar. «Neradzurriler» geçen ýylky finalda bu baýraga iň köp mynasyp bolan topar «Ýuwentusy» (14 gezek) 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň