Soňky habarlar

Arhiw

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler 4,2 million dollarlyk geleşik baglaşdylar

14:4002.02.2023
0
22308
BAE-den we Owganystandan gelen işewürler 4,2 million dollarlyk geleşik baglaşdylar
Surat: exchange.gov.tm

A-92 kysymly awtobenzin, boýalan tüýjümek önümler, aşgarlanmadyk bir gatly nah ýüplügi sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda uly islege eýe boldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri A-92 kysymly awtobenziniň 5,5 müň tonnasyny satyn aldylar. Olar Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen bahasy 4,2 million dollara barabar bolan geleşik baglaşdylar. Bu barada biržanyň resmi saýynda habar berilýär.

Gyrgyzystandan gelen işewürler orta reňklerdäki boýalan tüýjümek önümleriň 44,2 müň kilogramyny 243,1 müň dollara satyn aldylar. Irlandiýadan gelen telekeçi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplüginiň 25,2 müň kilogramyny satyn almak barada geleşik baglaşdy.

Türkiýäniň işewür toparynyň wekili nah ýüplüginiň 16,8 müň kg-ny 504 müň manada satyn almak barada geleşik baglaşdy.

Jemi söwdalaşyklaryň barşynda 4,5 million dollara deň bolan we 504 müň manatlyk 6 geleşik baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň