Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi

15:0028.01.2023
0
40655

Şu gün Aşgabadyň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Oňa Ýaşlar guramasynyň Aşgabatdan hem-de ýurduň ähli welaýatlaryndan wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.

Şeýle-de gurultaýyň dowamynda guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň