Moskwany we Aşgabady «Türkmen howa ýollarynyň» göni howa gatnawy birikdirer, diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawy köpçülige ýetirildi we beýleki habarlar

10:2818.01.2023
0
67080

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadan howa gatnawlary 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Aşgabada gönükdiriler. Ozal «Türkmen howa ýollarynyň» uçarlary Kazandan dolanyp, Türkmenabadyň howa menziline gonýardylar, Moskwadan gelýän uçarlar bolsa Türkmenbaşa barýardylar.

2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-nji ýyl üçin bütin dünýäde ykrar edilen ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny tassyklady. Öňdebaryjy bilim edaralarynyň 2023-nji ýyl üçin doly sanawy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda köpçülige ýetirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň sanawy uniwersitetleriň abraýly golbal reýtingleri esasynda düzüldi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we RF-niň döwlet Baştutany Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda energetika ulgamynda amaly hyzmatdaşlygyň birnäçe anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana şu ýylyň 19-20-nji ýanwaryna bellenen saparyna aýratyn ünsi çekdiler.

4. 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Adalat bölümi mary welaýatynyň prokuraturasynyň we kazyýetiniň jogapkär işgärleriniň, şeýle hem adwokatlar kollegiýasynyň we welaýat häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligini geçirer. Kabul edişlik Mary welaýatynyň Adalat bölüminiň binasynda sagat 10:00-da Mary şäheriniň Gökdepe köçesiniň 4-nji jaýynda geçiriler.

5. Ýerewanda Türkmenistanyň Ermenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň hem-de Ermenistan döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň rektory Diana Galoýanyň duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Ermenistan döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlyk hakynda nobatdaky beýannama gol çekmek kararyna geldiler.

6. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw çäreleri başlandy. Bu barada şu gün geçirilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde habar berildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleri teklip etmek saýlawlaryň geçiriljek gününden 60 senenama güni öň başlanýar. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny tassyklady.

7. Horwatiýa ýewro pul birligine geçmek işini üstünlikli tamamlady we bu pul birligini ulanýan 20-nji ýurt boldy. Kuny hem, ýewrony hem ulanmaga mümkinçilik bolan 14 günlük ikileýin pul dolanyşyk döwri 2023-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda tamamlandy. Indi tölegler diňe ýewro arkaly amala aşyrylýar. Bahalary iki pul birliginde hem – kunda we ýewroda şöhlelendirmek döwri 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.

8. Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Ýegiptologik barlaglar merkeziniň rus arheologlary Müsürdäki gadymy nekropolda çaganyň we 140-dan gowrak itiň galyndysy bolan bilelikdäki mazary tapdylar. Çaga jaýlanan wagty 8-9 ýaşlarynda bolup biler. Onuň galyndylary 142 sany güjüň galyndylarynyň üstünde ýerleşýärdi. Mazarlyk b.e. öňki I we b.e. I asyrlaryna degişlidir.

9. «Himkiniň» öňki tälimçisi Igor Çerwenko Täjigistanyň «Istikloly» bilen şertnama baglaşar. Hünärmeniň Duşanbeniň futbol topary bilen şertnamasy bir ýyla niýetlener. Igor Çerwenko Duşanbede ähli karýerasyny Duşanbeniň «Pamirinde» diýen ýaly geçiren futbolçy Gennadiý Çerwenkonyň maşgalasynda doguldy. Başlangyç futbol bilimlerini kakasynyň «Pamirdäki» öňki topardaşlarynyň tälimçilik edýän Duşanbe sport mekdebinde öwrendi.

10. Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Bäsleşik şweýsar ulgamy boýunça dokuz tapgyrda geçiriler. ýurduň çempionaty 27-nji ýanwara çenli dowam eder, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden wekilleri gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň