«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadan gaýdan uçarlary Aşgabada gonar

13:3717.01.2023
0
70435

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadan gaýtjak uçarlary 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan Aşgabat şäherine ugrukdyrylar. Bu barada «Turkmenportala» Aşgabat howa menziliniň sowal-jogap bölüminden habar berildi.

Şeýlelikde, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Moskwadan (DME) we Kazandan (KZN) boljak uçuşlary Aşgabat halkara howa menziline ugrukdyrylar.

Ondan öň Kazandan gaýdyp gelýän «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Türkmenabat (CRZ) howa menziline we Moskwadan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşy (KRW) şäherine gonýardy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan we Kazandan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

Moskwa — Aşgabat

T5704 — çarşenbe güni sagat 00:15-de ugraýar

T5710 — anna güni sagat 10:35-de ugraýar

Kazan — Aşgabat

T5736 — duşenbe güni sagat 00:35-de ugraýar

T5738 — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýn boýundaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan ähli halkara uçuşlary Aşgabat howa menziline ugrukdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň