«Älemiň hanymy» bäsleşigiň guramaçylary ýurduň adyny dogry aýdyp bilmändigi üçin Gyrgyz Respublikasyndan we onuň wekilinden ötünç soradylar. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.
«Älemiň hanymy» bäsleşiginiň ýolbaşçysy Emi Emmerih bäsleşigiň alypbaryjysynyň deslapky tapgyrda «Gyrgyzystan» diýip dogry aýdyp bilmändigini we tomaşaçylara ýurduň wekiliniň mynasyp yglan edilmändigini nygtap: «Bize has gowy işlemek gerek. Bu aklap bolmajak ýalňyşlyk, şonuň üçin ötünç soramak isleýäris» diýdi.
«Älemiň hanymy» bäsleşiginde Gyrgyzystana wekilçilik eden 18 ýaşly Altynaý Botoýarowa ötünji kabul edýändigini aýdyp, guramaçylaryň bu meselä çynlakaý üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Täze Orlean ştatynda geçen «Älemiň hanymy» gözellik bäsleşigine dünýäniň 86 ýurdunyň wekilleri gatnaşdy. Bäsleşikde ABŞ-nyň wekili R’Bonni Gabriel ýeňiji boldy.
Surat: absatz.media