Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar.
Menzil demirgazyk-gündogardaky Dalýan şäherinde gurlar, ol köp adamly port şäher bolmak bilen, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen berk ykdysady gatnaşyklara eýedir.
Täze halkara howa menzili 20 inedördül kilometrde ýerleşer, ol ilkibada ýylda 43 million ýolagça, soňlugy bilen 80 milliona çenli adama hyzmat eder.
Ölçegi babatda ol Gonkongyň halkara howa menzilinden (12,48 in.km) we Ýaponiýadaky Kansaý halkara howa menzilinden (10,5 in. km) hem uly bolar. Bu ady tutulan howa derwezeleri-de emeli adalarda ýerleşýär.
Täze howa menzilinde dört uçuş-gonuş zolagy hem-de meýdany 900 inedördül metr bolan terminal gurlar. Taslamany 2035-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýärler.