«Ýeke özi öýde» filminde baş keşbi döreden aktýor Makoleý Kalkin filmdäki öýi satyn almak isländigini, jaý üçin bäş million dollar bermäge taýýarlanandygyny gürrüň berdi. Bu barada «The New York Times» gazetine salgylanýan «Kino.mail.ru» ýazýar.
«Men öz gahrymanymyň öýüni satyn almakçy boldum. Men ony edil kinodaky ýaly hezil ýere öwürmek isledim» diýip, 44 ýaşly aktýor gürrüňinde degişdi.
Ol öýi satyn alyp, muzeýe öwürmek isländigini, ýagny islendik adamyň ol ýerde Kewin Makkallister ýaly düşekde böküp ýa-da basgançakdan typyp oýnap bileri ýaly etmegi göwnüne düwendigini boýun aldy. Emma soňra ol bu niýetinden ýüz öwrüpdir we Çikagodaky meşhur öý 2024-nji ýylyň iýunynda näbelli birine satylypdyr.
Täze ýyl agşamy Kewin atly oglanjygyň başdan geçirmeleri barada söz açýan «Ýeke özi öýde» atly film 1990-njy ýylda ekrana çykdy. Kalkin şol wagt on ýaşyndady. Ol şeýle-de filmiň «Ýeke özi öýde 2: Nýu-Ýorkda ýiten» atly ikinji bölüminde hem surata düşdi.