Sidneýiň uniwersitetiniň alymlary «SwagBot» atly padyman robot döretdiler. Daşky keşbi babatda iri şahly mallara meňzeýän ýeri bolmasa-da, oňa «akylly sygyr» hökmünde baha berildi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «rg.ru» portaly ýazýar.
Aslynda gyzyl kelleli, dört aýakly enjam mundan 10 ýyla golaý wagt öň peýda boldy. Onuň ilkibaşdaky işi örän çäklidi, şol wagt diňe padyman, ýagny sygyr çopanynyň hyzmatyny bitirýärdi. Ol mallary gezim etdirip, meýdanda ygar ýörerdi.
Indi inženerler «SwagBot» robotyny emeli aň we kuwwatly datçikler bilen üpjün etdiler. Ol has uly işleri başarýar: sygyrlaryň özüni duýşuny yzarlaýar, iň esasy hem sonar meýdanlaryň ýagdaýyny kesgitleýär, ýagny nirede ot köpdügini anyklamagy başarýar. Eger meýdan öň basgylanan bolsa, padyman-robot sygyr sürüsiniň daşyna aýlanyp, ony otluk ýere äkidýär.
Roboty işläp düzüjileriň roboty has-da kämilleşdirmek maksatlary bar. Ol ekologik taýdan arassa we Awstraliýanyň oba hojalygynyň önümberijiligini ýokarlandyrmaga ukyply. Taslamanyň ýolbaşçysy Salah Sukkariýeniň sözlerine görä, elektron «çopan» fermerler bilen habarlaşyp, olaryň aladalaryny azaldýar.
«Reuters» oba hojalygyň Awstraliýanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudagyny ýazýar. Ýurt sygyr etini eksport etmekde dünýä liderleriniň sanawyna girýär.