Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Messi «Barselona» dolanyp barjak-barmajakdygy barada aýtdy

17:0015.01.2023
0
26778

Lionel Messi anyk karara geldi: ol indi hiç wagt «Barselona» gaýdyp barmaz we karýerasyny PSŽ-de dowam etdirer. Bu barada «TyC Sports» neşiri ýazýar.

Çeşmäniň habaryna görä, Messi PSŽ bilen şertnamasyny 2024-nji ýylyň iýunyna çenli uzaltmagy meýilleşdirýär. Klubyň özi bolsa oňa 2025-nji ýyla çenli şertnama teklip edýär.

«Leo üçin MLS-den hem teklipler bar, ýöne ol Ýewropada galyp, çempionlyklary gazanmak isleýär» diýip, neşir ýazýar.

Messi 2021-nji ýylyň tomsunda «Barselonadan» gaýdypdy. PSŽ-niň 35 ýaşly hüjümçisi häzirki dowam edýän möwsümde 20 duşuşyga gatnaşyp, olarda 13 gezek tapawutlandy we 14 goluň assistini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň