«Football Benchmark» sport saýtynyň seljermelerine görä, Fransiýanyň «PSŽ» kluby geçen möwsümde zähmet haklary üçin 728 million ýewro sarp etdi.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, munuň özi tutuş futboluň taryhynda bir möwsümde zähmet haklary üçin sarplanan iň uly mukdardyr. Ýeri gelende, tolaryň geçen möwsümde zähmet haklary üçin sarp eden pulunyň şol möwsümde gazanan girdejisinden (670 million ýewro) hem köpdügini bellemek gerek. Netijede «PSŽ» geçen möwsümi 369 million ýewro ýitgi bilen jemledi.
Häzirki wagtda «PSŽ» toparynyň düzüminde Messi, Mbappe, Neýmar ýaly ençeme ýyldyzlaryň oýnaýandygyny ýatladýarys. Emma topar muňa garamazdan, henize çenli özüniň baş maksady bolan Ýewropa Çempionlar ligasynyň kubogyna ýetip bilenok.