Soňky habarlar

Arhiw

Milli ýygyndymyz Türkmenistan – Eýran duşuşygyna taýýar

12:0615.06.2015
0
3207

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 16-njy iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň toparçalaryna girmek üçin goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysyny kabul eder. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 18:00-da Daşoguz stadionynda geçiriler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Goçumow bu duşuşyk üçin milli ýygyndymyza 28 futbolçyny çagyrdy. Guam bilen bolan duşuşykdan tapawutlylykda 16-njy iýunda daşary ýurtlaryň ligalarynda çykyş edýän ildeşlerimiz hem ýaşyl meýdana çykar. Häzirki bar bolan maglumatlara görä, milli ýygyndymyzyň düzümine çagyrylan 28 futbolçynyň 3-si derwezewan,   7-si goragçy, 11-si ýarym goragçy we 4-si hüjümçi. Ýygyndy toparymyzyň düzümine Ýokary liganyň geçen ýylky çempiony, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topar iň köp goşant goşýar. Toparyň 7 futbolçysy ýygyndymyzyň düzümine çagyryldy.

Türkmenistanyň futbol taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogynyň toparçalarynda çykyş etmäge hukuk gazanan «Ahalyň»,  Amangylyç Goçumowyň milli ýygyndy bilen ugurdaşlykda tälimçilik edýän topary — «Aşgabadyň» we  şu ýyl ýene-de Ýokary ligada üstünlikli çykyş edýän «Balkanyň»  her haýsyndan 3 oýunçy milli ýygyndymyza çagyryldy. Bulardan başga-da, HTTU-dan 2, «Hazynadan» bir futbolçy bar.

Her bir garşydaş üçin milli ýygyndymyza ýokary derejede taýýarlygyň gerekdigini, islendik pursatda islendik kynçylygyň ýüze çykyp biljekdigini Guam bilen bolan ilkinji duşuşyk görkezdi. Bary-ýogy 200 müňden gowrak ilatly dünýäniň iň bir kiçijik döwletleriniň birinden asgyn gelen milli ýygyndymyz üçin dünýä çempionatynda Argentina ýaly güýçli ýygynda mynasyp garşylyk görkezmegi, ýoldaşlyk duşuşyklarynda Çilini ýeňmegi başaran we FIFA-nyň reýtingi boýunça Aziýa döwletleriniň arasynda birinji basgançakda duran Eýranyň futbol ýygyndysy bilen ýaşyl meýdana çykmak üçin  ýokary taýýarlygyň gerekdigi öz-özünden dünüklidir. Şonuň üçin hem daşary ýurtlarda çykyş edýän türkmenistanly futbolçylar hem ýygyndymyza çagyryldy.

Milli ýygyndymyzyň düzümine çagyrylan futbolçylaryň sanawy:

Derwezewanlar:

Nikita Gorbunow, «Ahal»

Sergeý Kusnesow, «Aşgabat»

Mämmet Orazmuhammedow, «Altyn asyr»

 

Goragçylar:

Myrat Hamraýew, «Ahal»

Rahymberdi Baltaýew, «Aşgabat»

Mekan Saparow, «Balkan»

Akmyrat Jumanazarow, HTTU

Şöhrat Söýünow, «Altyn asyr»

Serdar Annaorazow, «Altyn asyr»

Bahtiýar Hojaahmedow, «Altyn asyr»

 

Ýarym goragçylar:

Süleýman Orazow, «Ahal»

Ilýa Tamurkin, «Merw»

Ahmet Ataýew, «Altyn asyr»

Umidjan Astanow, «Altyn asyr»

Guwanç Abylow, «Hazyna»

Nazar Baýramow, HTTU

Amir Gurbany, «Balkan»

Serdar Geldiýew, «Altyn asyr»

Artur Geworkýan, «Nasaf» (Özbegistan)

Arslanmyrat Amanow, «Almalyk» (Özbegistan)

Ruslan Mingazow, «Ýablones» (Çehiýa)

 

Hüjümçiler:

Berdi Şamyradow, «Aşgabat»

Serdaraly Ataýew, «Balkan»

Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal»

Süleýman Muhadow, «Altyn asyr»

 

Şu sanawdan hem görnüşi ýaly, baş tälimçi Amangylyç Goçumow derwezäni, esasan, tejribeli derwezewanlara ynanypdyr. Ýygyndymyzyň derwezewanlarynyň üçüsiniň hem baý tejribesi bar. Goragçylar hem Ýokary ligada ussatlygyny görkezýän oýunçylardan seçilip alnan.  Ýöne düzümde gyraky goragçylara görä, merkezi goragçylar agdyklyk edýär.

Baş tälimçi ýarym goragçy meselelesinde jomartlyk edene meňzeýär. Milli ýygynda çagyrylan ýarymgoragçylaryň sany meýdana çykýan oýunçylaryň sanyna deň – 11 ýarymgoragçy. Şol sanda daşary ýurtlaryň ligalaryndan çagyrylyp getirilen ildeşlerimiziň hem üçüsi-de ýarymgoragçy. Tälimçi bilen ylalaşmak isleýäris. Çünki oýun, esasan, ýarymgoragçylaryň üsti bilen alnyp barylýar.

Milli ýygyndynyň hüjüm böleginde üýtgeşme ýok. Janköýerler ýene-de Süleýman Muhadowy esasy düzümde görseler gerek. Altymyrat Annadurdyýewiň ýene-de ikinji ýarymda oýna girmegine garaşyp bolar. Tälimçiniň Ýokary liganyň hut häzirki iň netijeli hüjümçisi Myrat Ýagşyýewi ýygynda çagyrmanlygy welin, entek hem janköýerleri haýran galdyrýar. Belki oýun güni bir üýtgeşme bolup biler.

Ýygyndynyň düzüminde tejribeli oýunçylar agdyklyk edýär. Hatda karýerasynyň ahyryna ýakynlap gelýän Nazar Baýramowa çenli milli ýygynda çagyrylypdyr. Ýöne fiziki taýýarlygy ozalkylaryça ýok Nazaryň ýygyndymyza goşup biljek goşandy barada belli bir zat aýtmak kyn. Her niçik hem bolsa Berdi Şamyradow, Myrat Hamraýew, Bahtiýar Hojaahmedow, Serdaraly Ataýew, Nikita Gorbunow ýaly ýaşy 30-dan geçen oýunçylaryň ýaşlara meýdanda ussatlyk bilen baş boljakdygyna ynanýarys.

Daşary ýurtlardan çagyrylan oýunçylardan tama uly. Olaryň üçüsi-de öz çykyş edýän ligalarynda hem şowly çykyş edýärler. Artur Geworkýan bolsa geçen möwsümde Özbegistanyň  iň gowy futbolçysy diýip yglan edildi.

Elbetde, Guam bilen bolan duşuşyk milli ýygyndymyz üçin sapak bolandyr. Şeýle-de bolsa türkmen futbolçylarynyň ýeňiş gazanjakdygyna ynanmak kyn. Ýöne oglanlarymyz dünýä çempionatynda Aziýa wekilçilik eden ýygyndy bilen deňeçer oýun alyp barar diýip tama edýäris.

 

Goşmaça maglumatlar:

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň soňky ýyllarda geçiren käbir duşuşyklarynyň netijeleri: (http://www.liveresult.ru)

11.06.2015, Guam 1:0 Türkmenistan

12.03.2012, Nepal 0:3 Türkmenistan

10.03.2012, Palestina 0:0 Türkmenistan

08.03.2012, Türkmenistan 3:1 Maldiw adalary

27.01.2012, Rumyniýa 4:0 Türkmenistan

28.07.2011, Indoneziýa 4:3 Türkmenistan

23.07.2011, Türkmenistan 1:1 Indoneziýa

18.04.2009, Türkmenistan 5:0 Filippinler

20.01.2009, Kuweýt 2:0 Türkmenistan

18.01.2009, Türkmenistan 1:5 Siriýa

 

Eýranyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň soňky ýyllarda geçiren duşuşyklarynyň netijeleri: (http://www.liveresult.ru)

11.06.2015, Özbegistan 0:1 Eýran

31.03.2015, Şwesiýa 3:1Eýran

26.03.2015, Eýran 2:0 Çili

23.01.2015, Eýran 3:3 Yrak

19.01.2015, Eýran 1:0 BAE

19.01.2015, Eýran 1:0 OAE

15.01.2015, Katar 0:1 Eýran

11.01.2015, Eýran 2:0 Bahreýn

04.01.2015, Eýran 1:0 Yrak

18.11.2014, Eýran 1:0 Günorta Koreýa

 

1992-nji ýyldan bäri geçirilen Türkmenistan — Eýran duşuşyklarynyň netijeleri: (http://www.footballdatabase.eu)

16.06. 2015         Dünýä Kuboygynyň saýlama oýunlary.    D toparça         Türkmenistan  ?— ? Eýran 

25 . 11.1996        Ýoldaşlyk duşuşygy    Eýran        0 —   1       Türkmenistan

28 .04.1996         Ýoldaşlyk duşuşygy    Türkmenistan     1 —   0       Eýran

26.04.1996          Ýoldaşlyk duşuşygy    Türkmenistan     1 —   1       Eýran

05.10.1994          Aziýa oýunlary, A toparça  Eýran      1 —   1 Türkmenistan

14 June 1993      Friendlies  Asia zone   Iran  2       1       Turkmenistan

08 June 1993      Friendlies  Asia zone   Iran  2       1       Turkmenistan

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň