Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 31 ýyl bolýar

13:4406.01.2023
0
43529

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Pekin şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Sizinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

«Sinhua» hytaý habarlar gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga öwrüljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şu gün – 6-njy ýanwarda 31 ýyl bolýandygyny, Hytaýa amala aşyrýan döwlet saparynyň bu taryhy senä gabat gelendiginden diýseň hoşaldygyny belledi. Şeýle-de däp bolan dostluk, köp ugurly strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şunda ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda ozal ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze derejä çykaryljakdygy nygtaldy. Bu babatda «Hytaý + Merkezi Aziýa» görnüşindäki hyzmatdaşlyga hem möhüm ähmiýet degişlidir.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek, şeýle-de halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň