Türkiýe Respublikasynyň Statistika institutynyň habaryna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkiýäniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 30% ýokarlandy.
Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen söwdanyň umumy mukdary 11,2 milliard dollar boldy. Bu söwdanyň esasy bölegi Türkiýäniň Merkezi Aziýadaky esasy üç hyzmatdaşy — Gazagystan (4,7 milliard dollar), Özbegistan (3,3 milliard dollar) hem-de Türkmenistan (1,9 milliard dollar) bilen baglydyr.
Şol bir wagtyň özünde 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 22% ýokarlandy.