«Inter» «Napoliniň» ýeňlişsiz ýörüşine nokat goýdy

14:4905.01.2023
0
28064
«Inter» «Napoliniň» ýeňlişsiz ýörüşine nokat goýdy
Surat: isport.ua

Italiýanyň A seriýasynyň 16-njy tapgyrynda «Inter» öz öýünde «Napolini» myhman alyp, kiçi hasapda ýeňiş gazandy. Ýer eýesine ýeňiş getiren ýeke-täk gol 56-njy minutda Edin Jeko tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, «Napoli» A seriýanyň şu möwsüminde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ýeri gelende bellesek, Spalettiden tälim alýan «Napoli» Ýewropanyň iň güýçli 5 çempionatynda şu möwsümde utulmadyk ýeke-täk topar bolup durdy. Neapollylar 15 tapgyryň 13-sinde ýeňiş gazanyp, 2-sinde deň oýnapdylar. Şeýlelikde, düýnki ýeňlişden soňra Top-5-likde ýeňilmedik topar galmady.

16-njy tapgyrdan soňra Italiýanyň A seriýasynyň ýaryş jedwelinde 41 utuk bilen «Napoli» birinji orny özünde saklaýar. Ikinji orundaky «Milanda» 36, üçünji orundaky «Ýuwentusda» bolsa 34 utuk bar. Ýaryş jedweliniň kerwenbaşysynyň üstünden gazanylan ýeňiş «Interiň» 33 utuk bilen dördünji orna geçmegine mümkinçilik berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň