Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji iş maslahatyny geçirdi

22:0303.01.2023
0
25993
Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri häzirki wagtda sebitlerde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen Maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleriniň meýilnamalaýyn esasda dowam edýändigi barada aýdyldy.

Hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda öňde duran oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylýandygy, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada-da habar berildi.

Häkimler welaýatlarda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hem habar berdiler.

Degişli hasabatlarda ýurduň Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň dowam edýändigi barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, tehnikalary we gurallary abatlamak işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işlerine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda-da häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, olaryň depginini ýokarlandyrmak babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak babatda-da birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, ýurduň oba hojalygy üçin satyn alynmagy göz öňünde tutulan tehnikalaryň ençemesi gelip gowuşdy.

Şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak, ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Hususan-da, şu ýylyň ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Wise-premýer häzirki wagtda ilaty ýurduň özünde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, welaýatlarda şu ýyl bu ekinleriň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada-da habar berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine hem-de şu günki günüň wajyp meseleleriniň biri bolan kärendeçiligi ösdürmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2023-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň