Türkmenistan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady berlen 2023-nji ýyly baýramçylyk dabaralary bilen garşylaşdy.
Täze ýyl baýramy ýurduň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistleri täze aýdymlary, tansdyr sazly kompozisiýalary, dürli sahna oýunlaryny, çykyşlary taýýarlapdyrlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşirinde habar berilýär.
2023-nji ýyly uly dabaralar bilen garşylaýan Aşgabatda baýramçylyk dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçýär. Aşgabadyň medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerinde folklor hem-de estrada toparlary, aýdymçylar çykyş edýärler. Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada we «Ylham» seýilgähinde Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp guralan konsertde belli estrada aýdymçylary, ýaş ýerine ýetirijiler dürli aýdymlary bilen çykyş etdiler.
Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylaryny hem-de myhmanlaryny bir ýere jemlän, Täze ýyl baýramynyň esasy wakalarynyň geçýän ýeri bolan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançanyň bezegi hemmeleriň göwnüni galkyndyrýar. Köpetdagyň etegindäki binalaryň bir bitewi sazlaşygy bu ýerde guralan dabaralara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabarasyna welaýatlar hem goşuldylar. Paýtagty ýurduň bäş welaýatynyň edara ediş merkezleri bilen baglanyşdyrýan monitorlar ruhyýetiň we medeniýetiň hakyky ojaklaryna öwrülen «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki meýdançalarda ýerleşdirilipdir. Şol ýerlerde meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köpöwüşginli Täze ýyl dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylara Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Dabaralara gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň Gutlagyny uly üns bilen diňleýärler.
Soňra baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri Aşgabadyň asmanyny bezäp, özüniň dürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini ýagtylandyrýar.