Ýaponiýanyň «Honda» we «Nissan» awtoulag konsernleri goşulyşmagy ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada habar peýda bolan dessine «Nissan» kompaniýasynyň paýnamalary 24 göterim gymmatlady diýip, «The Wall Street Journal» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Bu mesele babatda heniz anyk çözgüde gelnenok. «Honda» kompaniýasynyň saýtynda ýolbaşçylygyň «Nissan» we «Mitsubishi Motors» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýandygy aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, «Nissan» konserni «Mitsubishi» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 25 göteriminiň eýesidir.
«Honda» bilen «Nissanyň» bilelikde bahasy 54 mlrd dollar we ýylda 7,4 mln ulag öndürjek täze kompaniýany döretmegi hem mümkin. Bu görkezijiler ony dünýäde satuwlar boýunça üçünji iri kompaniýa öwürmäge mümkinçilik berer.
Mundan öň Ýaponiýanyň «Honda», «Nissan» we «Mitsubishi» awtoulag önümçilikçileriniň hytaýly awtoulag kompaniýalarynyň gerimini giňeltmegi bilen baglylykda, köp ýyllar bäri öňdeligi saklap gelen Aziýa bazarynda ep-esli paýyny ýitirendikleri belli boldy. Ýagny 2019-2024-nji ýyllarda bu ýapon kompaniýalary Hytaýda, Singapurda, Tailandda, Malaýziýada we Indoneziýada paýlarynyň uly bölegini elden giderdiler.