Turkmenportal logo
16.12.24
1736017360
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistan Türkmenistanyň çägi arkaly Braziliýa konteýner otlusyny iberdi
Surat: daryo.uz

Özbegistandan Brzailiýa tarap konteýner otlusy iberildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi.


Çeşmäniň bellemegine görä, Daşkentden ugran konteýner otlusy 20 günde Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýanyň Poti deňiz portuna barar. Ol ýerden bolsa konteýnerler deňiz ýoly arkaly 35-45 günde Braziliýanyň Paranagua portuna eltiler. Konteýner otlusynyň umumylykda 60-70 günde ahyrky menzile barmagyna garaşylýar.


Ýeri gelende bellesek, konteýner otlusynyň esasy ýüki karbamidden ybaratdyr.