Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlady

07:3001.01.2023
0
47312

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlady. Bu Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda tamamlanan bir ýyllyk döwre — 2022-nji ýyla gysgaça syn berip, onuň dowamynda bolup geçen esasy wakalar, ýetilen belent sepgitler, şol sanda gazanylan halkara üstünlikler barada gürrüň edýär.

— «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimiziň dowamydyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Şeýle-de döwlet Baştutany: «Biz halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watansöýüjiligine, zehinine we yhlasyna daýanyp, täze ýylda-da eziz Watanymyzy rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip nygtaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow:

— Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin! Täze ýylda siziň mukaddes maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, agzybirlik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun! — diýen hoşniýetli arzuwlar bilen Gutlagyny jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň