Soňky habarlar

Arhiw

«FlyDubai» awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy

00:4431.12.2022
0
56390

«FlyDubai» awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat şäherine yzygiderli howa gatnawlaryň tertibi Dubaý howa menziliniň meýilnamasyna girizildi.

Uçuşlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda başlar we hepdede iki gezek bolar. «FZ731» reýsleri duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan Aşgabat şäherine, Aşgabatdan Dubaýa «FZ732» uçuşlary sişenbe we anna günleri amala aşyrylar.

Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:35-de bolup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyna görä 06:30-da gonar.

Uçuşlar «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylar.

Dubaýdan Aşgabat şäherine biznes synplarynyň nyrhlary 7 müň 350 dirhemden, «Lite» ekenom synplaryň nyrhlary 2 müň 430 dirhemden başlaýar.

Uçuş Dubaýyň halkara howa merkeziniň üsti bilen syýahatçylara has amatly aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin «Emirates» bilen kodlaşdyrylan hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

«FlyDubai» öz täze uçuş gatnawlaryna Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan dokuz şäheri goşdy. Şeýlelikde awiakompaniýanyň sanawyna Almaty (Gazagystan), Aşgabat (Türkmenistan), Astana (Gazagystan), Bişkek (Gyrgyzystan), Duşanbe (Täjigistan), Namangan (Özbegistan), Oş (Gyrgyzystan), Samarkand (Özbegistan) we Daşkent (Özbegistan) girdi.

Mundan başga-da, «FlyDubai» 2023-nji ýylyň ýanwaryndan Bergamo (Italiýa), Gan (Maldiw adalary), Kalýari (Italiýa), Korfu (Gresiýa), Krabi (Taýland), Milan (Italiýa), Pattaýa (Taýland) we Sankt-Peterburg (Russiýa) ýaly ýedi täze ugra uçar.

BAE-ä gelen syýahatçylara sanjym şahadatnamasyny ýa-da PZR-test synag netijelerini görkezmegiň zerurlygy ýok. Şol bir wagtyň özünde, BAE-de duralga bilen syýahat edýän ýolagçylar soňky barjak ýerleriniň talaplaryny ýerine ýetirmeli bolarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň