Turkmenportal logo
29.12.22
6781667816
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder
«FlyDubai» Aşgabada göni howa gatnawlaryny dikelder

«FlyDubai» awiakompaniýasy Dubaý ― Aşgabat ― Dubaý arasyndaky göni howa gatnawlaryny dikelder. Bu barada Gulf Business habar berdi.


Göni gatnawlar 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndan başlap dikeldiler we her häpdäniň duşenbe, penşenbe günleri amala aşyrylar.


Uçuşyň petekleri eýýäm satlykda. Göni howa gatnawy Boeing 737 MAX kysymly uçar bilen alnyp barlar.


Häzirki wagtda daşary ýurt awiakompaniýalaryndan Belarusyň «Belawia», Russiýanyň «Sibir» we Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýalarynyň Türkmenistana göni howa gatnawyny amala aşyrýandygyny ýatladýarys.