2 aýda 12 müň türkmenistanly Özbegistana baryp gördi

20:0012.04.2024
0
6538

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 12 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barypdyr. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Özbegistana agzalan maksatlar bilen baran daşary ýurtlularyň 71 göterimi Türkmenistanyň raýatlarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda sanawyň başyny çekýär. Sanawyň ilkiji bäşliginde Täjigistan (2,9 müň), Owganystan (582), Hytaý (260) we Türkiýe (243) ýaly ýurtlaryň hem ady getirilýär.

Umumylykda alnanda, şu ýylyň deslapky 2 aýynda 16,9 müň daşary ýurtly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 esse artypdyr.

Maglumat üçin, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky umumy serhediň uzynlygy 1700 kilometre deň bolup, häzirki wagtda iki ýurt hem serhetýaka sebitlerde özara söwdany ösdürmäge aýratyn üns berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň