Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýygyndysy Bakuwda robot tehnikasy boýunça geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeledi

12:0027.12.2022
0
36780

Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan we talyplaryndan düzülen iki topar STEAM Azerbaýjan 2022 halkara festiwalynda ikinji orny eýeledi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär. Bu halkara forumyna 300 toparyň hatarynda çykyş eden 900 adam gatnaşdy.

Bakunyň Ekspomerkeziniň meýdançasynda geçirilen halkara tehnologik festiwalynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek hukugy daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň paýyna düşdi, talyplar toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary wekilçilik etdiler.

Festiwal bäsleşik görnüşinde geçirildi we dürli intellektual ýaryşlarda 10 ugurdan ybarat boldy. Çäräniň dowamynda Türkmenistandan, Türkiýeden, Ysraýyldan, Norwegiýadan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Estoniýadan, Özbegistandan we Gazagystandan toparlar gatnaşdylar.

STEAM XXI asyryň başarnyklarynyň öwredilmeginiň öňe sürülmegine goldaw berýär, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan talyplary ýüze çykarýar we olary birleşdirýär hem-de bilim bermek işinde häzirki zaman IKT enjamlaryndan peýdalanylmagyny öňe sürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň