Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti sosial gorag ulgamy bilen tanyşmak üçin Finlýandiýa bardy

18:1721.12.2022
0
30441

12—15-nji dekabr aralygynda türkmen wekiliýeti Finlýandiýada bolup, ilatyň durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşdy.

Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça Pudagara toparynyň agzalary we bu komitetiň Iş toparynyň agzalary girdi. Olaryň hatarynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanda BMGÖM-iň wekilleri bar.

Bu sapar BMGÖM bilen Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Institutynyň «2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Türkmenistanyň Milli Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine kömek bermek» atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde guraldy. Sapary guramaga Türkmenistanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrlikleri, şeýle hem BMGÖM-niň Demirgazyk ýurtlardaky wekilhanalary ýakyndan ýardam berdiler.

Saparyň maksady, adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginden, Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça komitetiniň (CESCR) düzgünlerini ýerine ýetirmek baradaky milli hasabatlary taýýarlamakda daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmakdan ybarat boldy.

Saparyň dowamynda ýurduň Daşary işler ministrliginiň, Durmuş meseleleri we saglygy goraýyş ministrliginiň, Hukuk dolandyryş merkeziniň, Durmuş ätiýaçlandyryş institutynyň, Diskriminasiýa garşy Ombudsmeniň wekilleri, Mejlisiň Ombudsmeni, Parlamentiň agzalary — Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk toparynyň başlygy, şeýle hem Finlýandiýadaky maýyplaryň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň