Türkmenistanly awiatorlar üçin täze mekdep

03:3807.06.2015
0
1455

6-njy iýunda Aşgabat şäherindäki Halkara howa menziliniň täze toplumynyň düzüminde howa ulagy pudagynyň işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebiň täze binalar toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Bu desga häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda guruldy we tehniki taýdan enjamlaşdyryldy, onda okuwlary netijeli geçirmek üçin zerur şertleriň ählisi döredildi. Mekdebiň öz binasyndan başga-da, topluma desgalaryň birnäçesi, şol sanda umumyýaşaýyş jaýy girýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr  merkezine öwrüljek täze howa menziliniň düýbi 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda tutuldy.  Döwrebap howa menzili sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde howa menzili islendik görnüşli uçarlary kabul edip, halkara derejesindäki hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny üpjün eder. Taslamada üç terminaly – ýolagçy, VIP, ýük terminallaryny, uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagyny, uçarlaryň öwrüm ýollaryny, duralgalaryny, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňini gurmak göz öňünde tutulýar. Howa menzili toplumynyň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabardyr. 2014-nji ýylyň  mart aýynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň täze toplumynyň 2-nji ýolagçy terminaly açyldy.

Bu ýere ýygnananlar “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” awiaulag kärhanasynyň “Laçyn” toparynyň ruhubelentlik  bilen ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.

Soňra dabara gatnaşanlar täze mekdep binasynyň enjamlaşdyrylyşy we mekdebiň çägindäki umumy ýaşaýyş jaýynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Maslahatlar zalynda myhmanlara Aşgabat şäherindäki Halkara howa menzilinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň